TARYHY ÝADYGÄRLIKLERE BAÝ MEKAN

1 Oktýabr 2024
532

Italiýa iň gadymy döwletleriň biri hasaplanylýar. Şeýle-de ol dünýä medeniýetine, ylmyň-bilimiň ösmegine önjeýli goşant goşan döwlet hökmünde hem giňden tanalýar. Munuň şeýledigini Italiýanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärliklerdir binalary, birnäçe sungat eserleri doly tassyklaýar. BMG-niň düzümindäki ÝUNESKO-nyň sanawyna Italiýanyň 50-den gowrak ýadygärlikleri girýär. Italýan topragynda saklanyp galan bu arheologik we binagärlik ýadygärlikleri köp sanly syýahatçylara taryhy gyzykly wakalary gürrüň bermäge ukyplydyr.

Kolizeý. Ilkinji nobatda dünýä jahankeşdeleriniň iň köp barýan ýerleriniň biri bolan Rim şäheriniň täsinlikleriniň hatarynda ozal guwlaryň hem uçmadyk kölüniň ýerinde gurlan Kolizeýiň adyny aýtmak gerek. Bu Rim şäheriniň meşhurlygy boýunça Watikandan soňky ikinji, syýahatçylygy boýunça hem birinji orunda durýan taryhy gymmatlygydyr.

Bahar AÝDOGDYÝEWA
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň italýan dili we edebiýaty hünäriniň talyby.