Türkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

23 Sentýabr 2024
571

Ýakynda Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Respublikan innowasion unitar kärhanasy bolan Belarusyñ milli tehniki uniwersitetiniñ "Politehnik" Ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördi. Tehnologiýa parkynyñ Baş direktory Georgiý Werşina bilen geçirilen duşuşygyñ dowamynda bilelikdäki ylmy-tehniki we innowasion işiniñ mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Belarusyñ arasyndaky gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boljak bilelikdäki sergileri we pudagara wekiliýetleriniñ ikitaraplaýyn saparlaryny guramak mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berdiler. Georgiý Werşina "Politehnik" tehnologiýa parkynyñ gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryp, onuñ metallaryñ işlenilip taýýarlanylmagy, trawmotologiýa, kardiologiýa, stomatologiýa we onkologiýa ýaly ugurlarda innowasion kärhanalaryny döretmek we olary goldamak boýunça wezipesi barada aýratyn belläp geçdi. Şu günki gün tehnopark tarapyndan 69 patent hasaba alyndy we 50-den gowrak innowasion tehnologiýalar işlenilip düzüldi.