Ekologiýa medeniýeti — abadançylygyň gözbaşy

29 Awgust 2024
698

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işjeň meýletinçileriniň taýýarlygyny berkitmek maksady bilen geçirilen okuw sapagy gözel tebigatymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmeklige bagyşlandy. Okuw çäresiniň meýilnamasy raýatlaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň esasyny düzýän tebigatymyzyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny we aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen meselelerden düzüldi.

Meýletinçiler ýurdumyzyň ekologiýasyny gorap saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň BMG-nyň tebigaty goramak babatdaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, her ýyl köpçülikleýin bag ekişlik çäresini geçirmek, tokaýçylygy ösdürmek, zir-zibilleri aýyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly sowal-jogap alyşmalar okuw sapagynyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Babaguly ALYÝEW,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy.