Mirasymyz — buýsanjymyz

14 Awgust 2024
586

Halkymyzyň baý hem-de gadymy mirasy, bahasyna ýetip bolmajak medeni gymmatlyklary bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny gadymyýetden alyp gelýän şol gymmatlyklarymyzyň, ynsanperwer däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň, adatlarymyzyň ylmy taýdan öwrenilmegi we kämilleşdirilmegi, goralyp saklanmagy, geljekki nesillere ýetirilmegi üçin uly aladalar edilýär. Bu meselede muzeýleriň orny hem uludyr.

Türkmen halky dünýäniň genji-hazynalarynyň hataryna giren milli gymmatlyklary döretmegi başarypdyr. Şol gymmatlyklar hem döwrebap muzeýlerimizde goralyp saklanýar, muzeýleriň ylmy işgärleri tarapyndan ylmy taýdan öwrenilýär. Biziň muzeýimize gelýän adamlar hem halkymyzyň gadymy taryhy, baý medeniýeti, däp-dessurlary barada giň düşünje alýarlar. Guraýan baý many-mazmunly sergilerimiz olarda uly täsirleri galdyrýar. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni mirasy, gadymdan galan gymmatlyklar sergileri synlamaga gelýän bagtyýar raýatlarymyzda olara bolan buýsanjy, söýgini artdyrýar.

Aýbölek KÖÇEKOWA,
Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.