«Alym­lar ýa­nyn­da söh­bet ýag­şy­dyr»

8 Awgust 2024
416

Mälim bolşy ýaly, «Diýar» žurnaly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň, hususan-da, paýtagtymyzyň çäginde beýik şahyryň adyny göterýän edara-kärhanalaryň zähmet durmuşyndan ýörite sahypalary taýýarlap, okyjylaryň dykgatyna ýetirip gelýär. Bu gezekki ýörite sahypamyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alyp barýan işlerine bagyşlanýar. Biz bu ylmy ojakda alnyp barylýan işler, institutyň taryhy we şu güni hakynda gürrüň bermegini sorap, alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, institutyň direktorynyň orunbasary Hezretguly Durdyýew bilen söhbetdeş bolduk. Şol söhbetdeşligi hem okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.

— Hezretguly halypa, siz hem ençeme ýyllardan bäri Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda zähmet çekýärsiňiz. Ilki bilen, institutyň taryhyna nazar aýlasak.

Söhbetdeş bolan Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.