Türkmenistan — syýahatçylygyň we sapaly dynç alşyň mekany

1 Awgust 2024
643

Tomus paslynyň dynç alyş günleri gyzgalaňly dowam edýär. Adamlar rahatlygy we hyzmat edilişiniň derejesi boýunça ýokary halkara ülňüleriň talaplaryna laýyk gelýän şypahana-dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyzyň beýleki gözel künjeklerinde wagtlaryny hoş geçirýärler. Şunda halkyň abadançylygyna we ýaşaýşyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş syýasatynyň esasy ugurlary öz mynasyp beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna, beýleki dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden müňlerçe adam gelýär. Olar tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we peýdaly geçirýärler, oňat dynç alýarlar hem-de saglygyny berkidýärler. Gökderede hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde hereket edýän ajaýyp saglyk we dynç alyş merkezleri halkymyzyň hyzmatynda. Ýurdumyzda şypahanalaryň we dynç alyş merkezleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmek arkaly ilatyň saglygyny berkitmek hem-de durmuşyň hilini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».