Maksatlarda döwrüň belent bady bar

22 Aprel 2024
422

Türkmen halky gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerine, edim-gylymlaryna eýerýän, ony mukaddeslik derejesinde görýän halk. Halkymyz her bir oňyn işiň başyna barjak bolanynda, «Ýedi ölçäp, bir kes!», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen aýtgylara esaslanyp, birek-birege sala salyp, geňeş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda 22-nji fewralda paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysaly boldy.

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmek, onuň doglan gününiň 300 ýyllygyny bütin dünýäde dabaralandyrmak, milli gymmatlyklarymyzy şöhratlandyrmak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ählitaraplaýyn bagtyýarlygyny üpjün etmek mejlisiň gün tertibiniň özenini düzdi.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.