Şu gün, 27-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi öz işine başlady. Ýaşlar hyzmatdaşlygyny halkara derejesinde ösdürmekde, ýaşlaryň dünýägaraýyşlary bilen bagly giň mümkinçilikleri açyp görkezmekde ýardam berjek bu halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi jemgyýetçilik köpçüliginiň ünsüni özüne çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhy ösüşinde ähli ulgamlar ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Munuň özi ýaş türkmenistanlylaryň kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny, hyjuwyny has-da artdyrýar.