1993-nji ýylyň 1-nji noýabry örän möhüm jemgyýetçilik -syýasy wakalaryň biriniň bolan güni hökmünde ýurdumyzyň taryhyna ýazyldy. Şol gün ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň daýanjy bolan öz milli manadymyz dolanyşyga girizildi.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy köp derejede ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işiniň talabalaýyk guralyşyna baglydyr. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamlaryň işi yzygiderli kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Onuň anyk netijesini ýurdumyzyň maliýe-býujet, nyrh, salgyt, pul-karz syýasatlarynyň amala aşyş depgininden hem görmek bolýar.