Sungat jemgyýetiň pikir edişine, dünýägaraýşyna täsir edip, milli düşünjäniň döremegine sebäp bolýar. Surat, heýkel, saz we beýleki sungat eserleri, edebiýat islendik halkyň taryhy geçmişine, aýratynlygyna düşünmäge ýakyndan ýardam edýär. Biz hem žurnalymyzyň şu sanynda taryhy şahsyýetleriň keşplerini, sungat we medeniýet işgärleriniň portretlerini, halk durmuşyny hem aňyýetini şöhlelendirýän, ajaýyp taslamalary döredýän ussatlaryň biri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek, «Türkmen bedewiniň gözelligini wasp etmek boýunça» bäsleşigiň we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli heýkeltaraşlaryň halkara bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Patdyk Patdykow bilen söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik.
— Patdyk mugallym, ilki bilen, sungatyň ähli görnüşleriniň içinden heýkeltaraşlyk älemini özüňize baky hemra edinip, onuň syrly bosagasyndan nähili ädendigiňiz dogrusynda aýdyp beräýseňiz!