Gujagy bossan ak şäher

22 Noýabr 2023
2066

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. 4-nji noýabrda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen güýzki bag ekmek dabarasy hem şeýle netijeli işleriň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol gün ata Watanymyzyň çäginde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzy we paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýan möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Aşgabadyň gür baglyga beslenen täsin keşbini synlanyňda hem durmuşa geçirilýän beýik işlere buýsanjyň goşalanýar. Dowam edýän sergin howaly ajaýyp güýz paslynda tebigatyň paýtagtymyzyň nurana keşbine eçilýän täsinlikleri her bir adamyň kalbyny joşgunly duýgulara besleýär, ruhuny göterýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýagty geljegi ugrunda alyp barýan belent maksatlaryndan ruhlanýan mähriban halkymyz eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek işlerine uly ruhubelentlik bilen mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ogulşeker ORAZGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.