Beý­gel­mek bag­ty

16 Oktýabr 2023
927

Bu bagta sözüň doly manysynda mynasyp bolan ata Watanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda tutuş dünýäde syýasy abraýyny barha berkidýär. Ýetilen derejeler türkmen halkynyň dünýä ähmiýetli başlangyçlary batyrgaý öňe sürýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. Hawa, ýagşylyga we asylly başlangyçlara esaslanýan ýörelgeleri bilen barha adygýan ata Watanymyzyň syýasy mertebesine mertebe goşan wakalaryň biri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmagydyr.

Bu abraýly halkara guramanyň dürli ykrarnamalaryna eýe bolan ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen doly ykrar edilen kuwwatly döwlet hökmünde giň jahana bellidir. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň nobatdaky taryhy mejlisindäki çykyşynda Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende Türkmenistanyň möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini öňe sürdi. Merkeziň işi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmeklige ýurdumyzyň taýýardygyny habar bermek bilen, hormatly Prezidentimiz bütin adamzadyň ykbalynyň gülledilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň ýene-de bir ähmiýetli ugruny öňe sürdi.

«Diýar».