Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň «De­ňiz der­we­ze­si»

16 Oktýabr 2023
1271

Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilýän gözellikler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle beýik işler milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak, ony dünýäniň iň ösen ykdysady ulgamyna goşmak ýaly anyk esaslarda amala aşyrylýar. Hazaryň türkmen kenary tebigy mümkinçiliklere örän baý bolup, onuň ykdysady taýdan bähbitliligi juda uludyr. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bähbidi üçin şeýle ägirt uly tebigy hem-de ykdysady mümkinçilikleri netijeli ulanmak meselesini çözmäge örän düýpli we toplumlaýyn çemeleşýändigi häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolan hakykatdyr.

Mälim bolşy ýaly, mundan bäş ýyl ozal tutuş Merkezi Aziýanyň baş «deňiz derwezesiniň» wezipesini ýerine ýetirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döwrebap desgalary Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berlipdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň esasy taslamasy «Ýaşyl port» halkara ölçegleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylypdyr. Bu halkara ölçegi deňziň we deňiz kenarynyň daşky gurşawyny goramagy, deňiz tebigatyny netijeli ulanmagy, bioköpdürlüligi goramagy maksat edinendir.

Nursoltan Depbiýewa,
žurnalist.