Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýanyň esasy merkezleriniň biriniň ýolbaşçysy türkmen Liderini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, döwlet ösüşiniň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýolbaşçysynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. ABŞ-nyň işewürler toparynyň wekili döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Watanymyzyň we türkmen halkynyň bähbidine geljekde hem üstünlikleri arzuw etdi. Erik Stýuartyň belleýşi ýaly, döwlet işgäriniň hem-de ýolbaşçynyň baý tejribesi we uly zehini türkmen Liderine Türkmenistanda hem, onuň çäklerinden daşarda hem belent abraý we hormat-sarpa getirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Yslam ösüş bankynyň geňeşçisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Yslam ösüş bankynyň geňeşçisi Ahmad Mohamed Ali Al-Madaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ahmad Mohamed Ali Al-Madani döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, her bir musulmanyň durmuşynda uly ähmiýetli waka bolan 63 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. YÖB-nyň geňeşçisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ýurduň durnukly ösüşine hem-de onuň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän möhüm durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň başlygy Şeýh-ul-yslam Allahşükür Paşa-zadeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşlik üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygy türkmen Liderini doglan güni we Muhammet pygamberiň ýaşyna ýetendigi bilen gutlady hem-de bagt, berk jan saglyk arzuw etdi, Beýik Biribardan döwlet işinde uly üstünlikler, şeýle hem ähli türkmenistanlylara parahatçylyk we gowulyklary, her bir maşgala abadançylyk dileg etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Germaniýanyň lukmançylyk toparlarynyň wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhoferiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Professor döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen we german lukmanlarynyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň ähli görkezijiler babatda oňyn hem-de nusgalyk derejesini kemala getirmäge gönükdirilen hünär gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Sizi agzybir we zähmetsöýer halkymyzyň toý-baýramyna öwrülen şanly sene — 63 ýaşyňyzyň — Pygamber ýaşyňyzyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýan ajaýyp sene — mübärek doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Arkadag we Gahryman Liderimiz, Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek ugrundaky asylly işleriňiziň, parahatçylyga, hoşniýetlilige hem dostluga gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek we gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň şanly senesi we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan dabara — pygamber ýaşyňyzyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa Daşoguz welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Hormatly Prezidentimiz! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Daşoguz welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar bolan biz, bu sungat baýramynyň şatlyk-şowhunly guralmagy ugrunda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň ÝÜZLENMESI

Hormatly atlara mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň adyndan Size tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli belent maksatlaryňyzyň hemişe uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.