Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýolbaşçysynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

30 Iýun 2020

438

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

ABŞ-nyň işewürler toparynyň wekili döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Watanymyzyň we türkmen halkynyň bähbidine geljekde hem üstünlikleri arzuw etdi. Erik Stýuartyň belleýşi ýaly, döwlet işgäriniň hem-de ýolbaşçynyň baý tejribesi we uly zehini türkmen Liderine Türkmenistanda hem, onuň çäklerinden daşarda hem belent abraý we hormat-sarpa getirdi.

Beýleki bildirişler