Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýan ajaýyp sene — mübärek doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Arkadag we Gahryman Liderimiz, Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek ugrundaky asylly işleriňiziň, parahatçylyga, hoşniýetlilige hem dostluga gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek we gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!