Türkmenistanyň Prezidentiniň we Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

30 Iýun 2020

340

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň başlygy Şeýh-ul-yslam Allahşükür Paşa-zadeniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşlik üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, Kawkaz musulmanlarynyň Müdiriýetiniň başlygy türkmen Liderini doglan güni we Muhammet pygamberiň ýaşyna ýetendigi bilen gutlady hem-de bagt, berk jan saglyk arzuw etdi, Beýik Biribardan döwlet işinde uly üstünlikler, şeýle hem ähli türkmenistanlylara parahatçylyk we gowulyklary, her bir maşgala abadançylyk dileg etdi.

Beýleki bildirişler