Bildirişler

Türkmenistanyň Kanuny

Bedenterbiýe we sport hakynda Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.

Türkmenistanyň Kanuny

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 21-nji madda; 2014 ý., № 4, 153-nji madda; 2017 ý., № 1, 36-njy madda; 2018 ý., № 2, 55-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň, mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Siziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň — eziz Watanymyzyň her bir güni berkarar döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny pugtalandyrýan, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da rowaçlandyrýan şanly wakalara beslenýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde — 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2020-2021-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlagyňyz bilen ýüzlenmegiňiz eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyz, Size bolan belent buýsanjymyzy we söýgimizi joşdurýan şanly waka öwrüldi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

Hormatly bilim işgärleri! Eziz ýaşlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.K.Seýidow hakynda Astanogly Kullyýewiç Seýidowy Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary we Buýrugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary Şöhratjan Babakulyýewiç Ismailow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary hem-de telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri öz gutlaglarynda milli Liderimiziň bilim ulgamynda geçirýän özgertmeleriniň bu ulgamyň dünýä derejesine çykarylmagyny, okatmagyň täzeçil usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, tutanýerli zähmeti bilen ata Watanymyzyň kuwwatyny we şöhratyny artdyrýan hemmetaraplaýyn bilimli ýaş nesliň kemala gelmegini üpjün edýändigini belleýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanda halkara ölçeglere kybap gelýän mekdebe çenli çagalar edaralary, orta we ýokary okuw mekdepleri guruldy hem-de bina edilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisine gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystan Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny ýollady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň güni hem-de Tatar ASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Häzirki wagtda taryhy dostluga we doganlyga esaslanýan netijeli türkmen-tatarystan gatnaşyklary biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly we strategik hyzmatdaşlygynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar» diýip, milli Liderimiz öz hatynda belledi hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky mähirli we ynanyşykly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tiniň Ka­ra­ry

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ede­bi­ýat, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň, hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň hem-de ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da yg­lan eden «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­gi­ň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň 29 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len «Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» te­le­bäs­le­şi­gi­ne ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­dan hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­den ýaş aý­dym­çy­lar gat­na­şyp, öz ara­la­ryn­da bäs­leş­di­ler. Türk­men hal­ky­nyň me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň ös­me­gi­ne go­şant goş­jak ze­hin­li aý­dym­çy­lar öz çy­kyş­la­ryn­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­le­ri wasp et­di­ler, şeý­le hem türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň dür­dä­ne­le­ri­ni we nus­ga­wy aý­dym­la­ry ru­hu­be­lent­lik bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. «Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» te­le­bäs­le­şi­gin­de ýo­ka­ry us­sat­lyk gör­ke­zip, aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nan aý­dym­çy­la­ry sy­lag­la­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň şu ra­ýat­la­ry «Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» te­le­bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri diý­lip yg­lan edil­di we her bir ýe