Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

1 Sentýabr 2020

225

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna 1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary hem-de telegrammalar gelip gowuşýar.

Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri öz gutlaglarynda milli Liderimiziň bilim ulgamynda geçirýän özgertmeleriniň bu ulgamyň dünýä derejesine çykarylmagyny, okatmagyň täzeçil usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, tutanýerli zähmeti bilen ata Watanymyzyň kuwwatyny we şöhratyny artdyrýan hemmetaraplaýyn bilimli ýaş nesliň kemala gelmegini üpjün edýändigini belleýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanda halkara ölçeglere kybap gelýän mekdebe çenli çagalar edaralary, orta we ýokary okuw mekdepleri guruldy hem-de bina edilýär.

Beýleki bildirişler