Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň, mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň ýüzlenmesi

2 Sentýabr 2020

304

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň — eziz Watanymyzyň her bir güni berkarar döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny pugtalandyrýan, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da rowaçlandyrýan şanly wakalara beslenýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde — 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2020-2021-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlagyňyz bilen ýüzlenmegiňiz eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyz, Size bolan belent buýsanjymyzy we söýgimizi joşdurýan şanly waka öwrüldi.

Beýleki bildirişler