Bildirişler

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 110. Daşoguz şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyna barýan ýollaryň, içerki ýollaryň (№1-28), abadanlaşdyryş işleri hem-de tehniki binalaryň, transformator beketleriniň, ýylylyk geçiriji ulgamlaryň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ministrligiň we ýurdumyzyň Pensiýa gaznasynyň ulgamy üçin bir bitewi merkezleşdirilen maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, häzirki zaman serwer, maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän aragatnaşyk (gorag) enjamlaryny satyn almak hem-de sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerine eýe bolan döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzmek, ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary ministrlikden iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Aşgabat şäher häkimligi bäsleşik yglan edýär

Aşgabat şäher häkimligi häkimligiň Jemagat hojalygy müdirliginiň «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň garamagyndaky agyz suw desgalarynda agyz suwuny öndürmekde hem-de sarp edijileri arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde ulanylýan natriý gipohlorit (NaOCL) erginini satyn almak üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli kabul edilýär. Hasaplaşyk tölegi işler ýerine ýetirilenden soň geçirilýär.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 27. Daşoguz şäheriniň köçeleriniň yşyklandyryş sütünleriniň LED çyralarynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 27 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine lukmançylyk enjamlaryny satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 296. Ministrligiň merkezi edara binasynyň we Aşgabat şäheriniň 1943-nji köçesiniň 36-njy, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 118-nji, 120-nji, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 144-nji, 158-nji hem-de Garaşsyzlyk şaýolunyň 19-njy, 19/1-nji ýaşaýyş jaýlarynyň liftlerine tehniki taýdan hyzmat etmek.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 35. Mary şäheriniň 26-njy lagym nasos bekedinden baş lagym nasos bekedine çenli ýokary basyşly lagym geçirijini gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bäsleşik toparynyň adyndan aşakda görkezilen lotlar boýunça açyk halkara bäsleşigi yglan edýär

Lot № 2 — daş owradyjy enjamlar toplumlaryny we göçme daş owradyjy enjamlar toplumlaryny satyn almak; Lot № 4 — daş owradyjy enjamlar toplumlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi damjalaýyn suwaryş ulgamynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň resminamalary 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna, sagat 10:00-a çenli kabul edilýär. Bäsleşik ministrligiň edara binasynda 3-nji iýulda, sagat 10:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 1 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çägindäki meýdanyň 200 gektar böleginde agaç nahallary üçin damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak; Lot № 2 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Altyn asyr» daýhan birleşiginiň çägindäki (Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gündogarynda, 45-nji kilometrinde) meýdanyň 215 gektar böleginde bag nahallary üçin damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak;