Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

25 Iýun 2024

29

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär.