Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda ýurdumyzda we sebitde ilkinji «akylly» şäheriň Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehini, pähim-paýhasy netijesinde bina bolandygy bellenilýär. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher hukuk derejesine eýe bolan bu şäher Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň nyşany bolup durýar. Sanly, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasy bolan bu taslamada ekologik abadançylyga, tebigatyň we adamyň özara baglanyşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde täze üstünlikleri arzuw edýärler.