Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

27 Iýun 2024

18

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda dünýäniň syýasy, ruhy-medeni, ykdysady ösüşine çäksiz goşant goşan halkymyzyň bahasyz gymmatlygy we buýsanjy bolan özboluşly milli medeniýetimizi baýlaşdyrmagyň döwlet Baştutanymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenilýär. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.