HABARLAR

Zehinli okuwçylaryň üstünligi

Welaýatymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan zehinli okuwçylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan biologiýa we himiýa dersleri boýunça geçirilen açyk internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada 10 ― 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi. Biologiýa boýunça geçirilen olimpiadada Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Kerim Italmazow birinji orny eýeläp, welaýatymyz boýunça iň ýokary netijäni görkezdi. Şeýle hem bu olimpiadada 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda ýene şol mekdepden Bägül Çaryýewa ikinji, welaýat merkezimizdäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Mährijemal Döwletgeldiýewa üçünji, 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçylary Mukam Döwletmämmedow bilen Jemal Allakowa ikinji, Dänew etrabyndaky 19-njy orta mekdepden Aýna Ahmedowa, ýene şol etrabyň 3-nji orta mekdebinden Jennet Arslanowa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinden Selbi Kerimberdiýewa üçünji; şu okuw ýylynyň ahyrynda ak mekdepden uçurym boljak ýaşlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Maral Berdimyradowa ikinji, ýene şol mekdepden Mehri Suwhanowa bilen welaýat merkezindäki ýöriteleşdirile

Kitap — ynsanyň baky hemrasy

Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran bilim özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň kitaphanalarynyň kitap gory barha baýlaşdyrylýar. Şu okuw ýylynyň ilkinji günlerinden bäri kitaphanalarymyza okuw gollanmalarynyň birnäçesi gelip gowuşdy. Olar, esasan, 11-nji we 12-nji synplarda peýdalanylmaga niýetlenilen okuw kitaplarydyr. Aglabasy üstümizdäki ýylda çap edilen bu okuw kitaplary mugallymlaryň we okuwçylaryň maglumat üpjünçiliginiň üstüni ýetirýär.

Talyplar ― abraýly olimpiadanyň ýeňijileri

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilen himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynda baýrakly orunlara eýe boldular. «A» we «B» derejelerinde geçirilen olimpiadanyň «A» derejesinde Türkmenabatdaky baýry ýokary okuw mekdebiniň talyby Nariman Nyýazow bürünç medala mynasyp boldy. «B» derejesinde bolsa Serdar Myradow kümüş, Gülşat Ereşowa bürünç medalyň eýeleri boldular.

Sanly bilim ulgamy - döwrebap ösüşleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň orta, ýörite or

Döwrebap bilim – mynasyp terbiýe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň her biri halkymyzyň eşretli şu gününi, röwşen ge

Tejribe — kämillige ýol

Islendik hünäriň hakyky ussady bolmakda tejribe zerurlyk hasaplanýar. Ol kämillige ýetmegiň iň netijeli ýoludyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmaklary babatda uly aladalar edilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geljekki türkmen diplomatlaryny, halkaraçy hünärmenleri taýýarlaýan Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyplarynyň önümçilik tejribeliklerini ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda geçmekleri olaryň saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkaraçy hünärmenleri daşary ýurtlara tejribelige ugratmak baradaky asylly başlangyjynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen, 2014-nji ýyldan bäri, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň 5-nji ýyl talyplarynyň ençemesi Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda önümçilik tejribeligini geçip gelýärler. Ýakynda hem institutyň halkara gatnaşyklary, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklar, halkara žurnalistikasy fakultetleriniň 5-nji ýyl talyplarynyň 12-si ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Gazagystandaky, Özbegistandaky, Täjigistandaky diplomatik wekilhanalarynda önümçilik tej

Baş maksadymyz nesil terbiýesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere beslenýär. Okamak, bilim almak - bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýen setirlerini okanymyzda hem geçmiş pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime hormatynyň uludygyny bilmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem ata-babalarymyzdan gelýän ýoly dowam etmek, olara sarpa goýmak barada yzygiderli tagallalary edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesile bilim bermekde, milli ýörelgelere laýyk terbiýe bermekde, aň we beden taýdan sagdyn ösdürmekde bilim edaralarynyň ýokary ähmiýeti bar. Bu ýerde okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä edep-terbiýe ulgamy sazlaşykly alnyp barylýar. Okuw-usulyýet işleriniň göwnejaý guralmagy, sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikler

Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

Hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, ýaş nesillerimiziň döwrebap ylymly, bilimli bolmaklary, olaryň yhlasly we döredijilikli zähmet çekmekleri ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere kuwwatly itergi berýär. Ylymly, bilimli nesil jemgyýetiň ösüşini dowam etdirýär, onuň ösüşine özüniň goşandyny goşýar. Hut şu maksat bilen hem häzirki wagtda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykaryp bilmekleri, bilimleri başarnykly özleşdirmekleri üçin ýurdumyzyň orta mekdeplerinde uly mümkinçilikler döredilýär. Täze gurulýan mekdepleriň ählisinde döwrebap kitaphanalar bar, öňden bar bolan mekdepleriň durky täzelenilip, olardaky kitaphanalar hem doly döwrebaplaşdyrylýar. Paýtagtymyzyň beýleki umumybilim berýän orta mekdeplerinde bolşy ýaly, 46-njy orta mekdepde hem kitaphana işi döwrebap alnyp barylýar. Okalga eýwanlary üçin enjamlaryň, dürli bezegleriň üpjün edilmegi, düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, kitap tekjeleri kitaphanalaryň işleriniň kämilleşmegine uly ýardam edýär. Okuwçylaryň kitap okamaga höwesini artdyrmak, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Täze gelip gowuşýan kitaplar bilen tanyşdyrylyş dabaralarynyň, ýazyjy-şahyrlar, alymlar, öňdebary

Sanly ykdysadyýet — üstünlikleriň kepili

Mähriban Watanymyz bu gün sazlaşykly ösýän hem-de özgerýän kuwwatly, berkarar döwlet hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Adamzat jemgyýetiniň ösüşleri we özgerişleri bolsa ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmekleri, dünýä ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmaklary üçin ýurdumyzda döredilýän şertler giň gerimliligi hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bu babatda berkarar döwletimizde yzygiderli geçirilýän dürli dabaralar we ylmy bäsleşikler zehinli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, sowatly ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysadyýet ulgamynda innowasion ösüşi çaltlandyrmak, şol bir wagtda internetden peýdalanmak we maglumat-tehnologiýalar ulgamyny işjeňleşdirmek arkaly, sanly ykdysadyýeti giň gerimde ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi baş ýörelge hökmünde kabul etdi. Munuň özi ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmegiň, şeýlelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň iňňän ygtybarly ýoludyr. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna döwrebap

Mertlik mekdebiniň perzentleri

Döwürlerden ötüp, heňňamlarda syzylyp, biziň günlerimize ýetip gelen milli gymmatlyklarymyz sanardan kän. Şeýle gymmatlyklaryň naýbaşysy hem nesil terbiýesidir. TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem harby okuwçylara harby, ýörite we beýleki jemgyýetçilik bilimleri bermekde pederlerimizden miras galan nusgalyk ýörelgelere eýerilýär. Ýakynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýuna bagyşlanyp geçirilen döredijilik duşuşygynda hem şu nukdaýnazardan ugur alnyp, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ähmiýeti, ondaky pelsepewi pikirleriň düýp manysy hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Çünki şygyr bilen asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň manysyny adamzada düşündirmekde dana Pyragynyň döredijiligi gymmatly gollanmadyr. Mundan başga-da, harby okuwçylara asly merdana halkymyzyň şöhratly taryhynda Oguz han Türkmen, Görogly beg Türkmen, Soltan Sanjar, Alp Arslan Türkmen ýaly gaýduwsyz gerçekleriň-de asudalyk ugrunda jan aýaman Watan topraklaryny gorandygyny rowaýatlaryňdyr hikmetleriň üsti bilen düşündirilýär. Biziň harby mekdebimiziň hut türkmeniň görnükli gerçek ogly Alp Arslanyň adyny göterýändigi hem aýratyn buýsanja mynasypdyr. Beýik serkerdäniň şöhratly ýoly, asudalyk ugrunda alyp baran işleri harby okuwçylarymyzda ýaky