Halal zähmet — döwletliligiň gözbaşy

3 Dekabr 2024
197

Her bir ynsan durmuşda öz ornuny tapmaga ymtylýar. Bagtyýar maşgala gurup, ilhalar perzentleri terbiýelemek, halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak her birimiziň baş maksadymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň kemally adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdeplerdir bilim-terbiýeçilik edaralary gurlup, okuw meýilnamalaryna okatmagyň täze usullary girizildi.

Ata-babalarymyz nesil terbiýesinde zähmetiň ornuna uly ähmiýet beripdirler. «Hünärli zor, hünärsiz hor», «Senet — eliň altyn bezegi», «Çekseň zähmet ýagar rehnet» ýaly parasat siňen setirleri döreden halkymyzda ýaş oglan-gyzlara çagalygyndan zähmet barada düşünje berlip, hünär eýeleri bolmaklary ugrunda elinden geleni gaýgyrylmandyr. Oglanlara hojalyk işleri bilen birlikde ekin-dikin, dowarlary bakmak, seýisçilik, ussaçylyk öwredilen bolsa, gyzlara öýi tämiz saklamak, dürli tagamlary taýýarlamak, tikin-çatyn, haly dokamak ýaly el işleri öwredilipdir. «Ata kesbi ogla halal», «Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» diýlenden ugur alnyp, işbaşarjaň nesiller tarapyndan hünärler dowamat bolup, kämillik derejesine ýetirilipdir.

Maýsa HOJAÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.