Mertlik mekdebiniň perzentleri

4 Dekabr 2024
173

Döwürlerden ötüp, heňňamlarda syzylyp, biziň günlerimize ýetip gelen milli gymmatlyklarymyz sanardan kän. Şeýle gymmatlyklaryň naýbaşysy hem nesil terbiýesidir. TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem harby okuwçylara harby, ýörite we beýleki jemgyýetçilik bilimleri bermekde pederlerimizden miras galan nusgalyk ýörelgelere eýerilýär. Ýakynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýuna bagyşlanyp geçirilen döredijilik duşuşygynda hem şu nukdaýnazardan ugur alnyp, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ähmiýeti, ondaky pelsepewi pikirleriň düýp manysy hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Çünki şygyr bilen asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň manysyny adamzada düşündirmekde dana Pyragynyň döredijiligi gymmatly gollanmadyr.

Mundan başga-da, harby okuwçylara asly merdana halkymyzyň şöhratly taryhynda Oguz han Türkmen, Görogly beg Türkmen, Soltan Sanjar, Alp Arslan Türkmen ýaly gaýduwsyz gerçekleriň-de asudalyk ugrunda jan aýaman Watan topraklaryny gorandygyny rowaýatlaryňdyr hikmetleriň üsti bilen düşündirilýär. Biziň harby mekdebimiziň hut türkmeniň görnükli gerçek ogly Alp Arslanyň adyny göterýändigi hem aýratyn buýsanja mynasypdyr. Beýik serkerdäniň şöhratly ýoly, asudalyk ugrunda alyp baran işleri harby okuwçylarymyzda ýakymly täsir galdyrýar. Netijede, geljekki ýurt goragçylary mert pederlerimiziň öwütlerine kalplarynda orun berip, Watan mukaddesligini goramaga, bu ýörelgäni üstünlikli dowam etdirmäge borçlanýarlar.

Bahargül MÄTDURDYÝEWA,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň mugallymy.