HABARLAR

Ýaşlara ylym-bilim ýaraşýar

Ýaşlar — uly güýç. Olaryň bilimli, hünärli, ýokary watançylyk, ruhy ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelenmekleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň girewidir. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmekleri üçin ähli şertleri döretmek, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny ýokarlandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen häzirki döwürde ýaşlaryň döwrebap bilim we oňat terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýaşlarda okamaga, döretmäge, gurmaga bolan höwesi has-da artdyrýar. Bu bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri bolsa, talabalaýyk ýola goýulýar. Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilip, ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Zehinli ýaşlarymyz nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar,

Öňdebaryjy tejribeler we işjeň usullar

2020-2021-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemlerini seljermek we ikinji ýarymynda ýerine ýetirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler welaýatymyzyň etraplarynda hem-de Tejen şäherinde geçirilen bilim işgärleriniň ýanwar maslahatlarynyň esasy maksady boldy. Bu maslahatlar guramaçylykly geçdi. GÖKDEPE. Bilim işgärleriniň etrap derejesindäki ýanwar maslahaty 14-nji orta mekdepde guraldy. Oňa etrapdaky mekdeplerden hem-de çagalar baglaryndan öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdy.

Okamak — dünýäni açmak

Täze üstünlikler — bagtyýarlygyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr» diýip parasatlylyk bilen bellemegi ylym-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjä anyk we özboluşly many öwüşginlerini berýär. Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün edýän milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Gahryman Arkadagymyz ylmyň döwletiň kuwwatydygyny, şoňa görä-de, ýurdumyzy okgunly ösdürmek, Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin köp işleri durmuşa geçirýändigimizi yzygiderli belleýär. Bu halk bähbitli işlerde ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, Diýarymyzda bu ulgama düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär.

Ene dilini öwretmekde möhüm ugurlar

Çagalyk — ynsan durmuşynyň iň möhüm döwrüdir. Bu döwürde çaganyň sagdyn ösüşiniň hem-de bütin ömrüniň dowamynda öwrenmeginiň esasy goýulýar. Mekdebe çenli bilimde öwrediji oýunlar, göwnaçmalar bilim bermegiň esasy usullarynyň biri bolup durýar. Oýun çaga durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Ol çaganyň fiziki, emosional we durmuşy ösüşine täsir edýär. Oýun çaga işjeňliginiň esasy ugurlarynyň biri bolup, onuň ünsüni, ýadyny, göz öňüne getirmesini ösdürýär, tertip-düzgüni kemala getirýär. Bu işler başlangyç synplarda hem dowam etdirilýär. Milli bilim ulgamynyň öňünde durýan giň möçberli wezipeleriň biri bilimiň hilini, netijeliligini innowasion esasda ösdürmekdir. Bilim-terbiýeçilik edaralary ýokary derejedäki innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi we bu işler dowam edýär. Bilimiň innowasion çemeleşmeleri häzirki zaman tehniki serişdelerini, maglumat gorlaryny her bir terbiýeçiniň, mugallymyň kämil ulanmagyny talap edýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda we başlangyç synplarda ene dili sapaklary geçilýär. Bu sapaklarda her bir terbiýeçi, mugallym özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden doly derejede peýdalanyp, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelmegine öz goşantlaryny goşmalydyrlar. Okuw-terbiýeçilik işlerini talab

Sowatly ýaşlar – Watanymyzyň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almaklary üçin uly aladalar edilýär. Berilýän bilimiň halkara tejribesiniň öňdebaryjy usullary bilen milli ýörelgeleriň esasynda utgaşdyrylyp alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Okuw işinde okuwçylaryň dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň ylym-bilim hem-de zehin babatda kämilleşmegine itergi berýär, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň dünýä dillerini suwara bilmegini okuw işiniň esasy talaplarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şundan ugur alnyp, 2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” tassyklanyldy. Konsepsiýada ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini artdyrmak, milli okuw işine halkara tejribesini ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Konsepsiýada

Sanly bilim ulgamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde hem-de ähli ulgamlaryň, şol sanda bilim ulgamynyň hukuk esaslaryny yzygiderli kämilleşdirmekde öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugurlarynyň üpjün edilmegine, ruhy taýdan baý, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesliň kemala gelmegine, çagalaryň zehinini ýüze çykarmak üçin zerur bolan şertleriň döredilmegine uly üns berýär. Milli Liderimiziň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleriň: guramaçylyk we hukuk binýadynyň, maddy-enjamlaýyn, intellektual üpjünçiligiň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Taryhy ösüşiň häzirki tapgyry ylmy-tehniki we durmuş ösüşiniň tizleşmegi, täze pikirleriň we tehnologiýalaryň giň gerimde ýaýramagy bilen häsiýetlenýär. Şonuň üçin bilimiň innowasion esasda berilmegi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň depginlerine oňyn täsirini ýetirýär.

Çaga terbiýesinde ertekileriň ähmiýeti

Çaga dünýäsine we onuň aň-düşünjesine täsir edýän halk döredijilik eserleriniň bir görnüşi hem ertekilerdir. Ertekiler çagalarda ýagşy häsiýetleri oýarmaga ýa-da berkitmäge ýardam berýär. Çagalar ertekiden çeper sözlüligi, pikirlenmegi öwrenýärler. Erteki çagalarda pikirlenişi terbiýelemekde iň ygtybarly serişdedir. Türkmen ertekilerine göz gezdirsek, olardan gadym eýýamlaryň täsin wakalaryny tapyp bolýar. Ertekiler özünde ýeňil düşünip bolýan wakalary, kähalatda bolsa göçme manyny saklaýar. Olaryň terbiýeçilik taraplary çagalar üçin örän ähmiýetlidir. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda ertekileriň üsti bilen öz neslini terbiýeläp gelipdir. Biz öz çagalarymyzda nähili häsiýeti görmek isleýän bolsak, olara şol mazmundaky ertekileri okap bermeli bolýarys. Ertekiler çagada gowy häsiýeti terbiýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň 1-nji synpa gelýän körpelere sowgat berýän kompýuterlerinde hem türkmen halk ertekileri aýdym-sazly görnüşde hödürlenipdir. Bu ertekiler çagalaryň aňynda hemişelik galýar, soňlugy bilen olaryň sözleýiş endikleriniň ösmegine kömek edýär. Multimedia tagtalarynda görkezilýän ertekiler hem çagalarda birek-birege hormat goýmak, özüňden ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ene-atany sylamak, Watany söýmek ýaly häsiýetleriň terbiý

Bilimli nesil — buýsanjymyz

Körpe nesli geljekki durmuşa ugrukdyrmak terbiýeçileriň döredijilikli zähmet çekmegini talap edýär. Munuň üçin bilim işgäri elmydama gözlegde bolmaly, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmeli. Sapakda, goşmaça geçirilýän işlerde çagalaryň işjeňligini artdyrmagyň usullaryndan ýerlikli peýdalanmaly, döredijilikli işe aýratyn üns bermeli. Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak yzygiderli işi talap edýär. Ýaş nesilde sporta, medeniýete, sungata, bilime höwes döretmek möhüm wezipelerdir. Şu maksat bilen biziň çagalar bagymyzda hem terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, nusgalyk sapaklar guralýar.

Çagalar — bagtyýar geljegimiz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eneleriň we çagalaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi, mähir, alada bilen garamak döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň çagalar hakyndaky atalyk aladalary netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, täze enjamlar, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr mekdepler gurlup, ulanylmaga berilýär. Bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan Watanymyz mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýermek arkaly goňşy ýurtlar, şeýle-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Ýurdumyz çaganyň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, eneligi we çagalygy goldamak babatda BMG-niň Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.