Bilimli nesil — buýsanjymyz

7 Ýanwar 2021
2419

Körpe nesli geljekki durmuşa ugrukdyrmak terbiýeçileriň döredijilikli zähmet çekmegini talap edýär. Munuň üçin bilim işgäri elmydama gözlegde bolmaly, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmeli. Sapakda, goşmaça geçirilýän işlerde çagalaryň işjeňligini artdyrmagyň usullaryndan ýerlikli peýdalanmaly, döredijilikli işe aýratyn üns bermeli.

Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak yzygiderli işi talap edýär. Ýaş nesilde sporta, medeniýete, sungata, bilime höwes döretmek möhüm wezipelerdir. Şu maksat bilen biziň çagalar bagymyzda hem terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, nusgalyk sapaklar guralýar.

Kümüş MÄTIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 144-nji çagalar bagynyň terbiýeçi-usulçysy.