Sanly bilim ulgamy

7 Ýanwar 2021
2163

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde hem-de ähli ulgamlaryň, şol sanda bilim ulgamynyň hukuk esaslaryny yzygiderli kämilleşdirmekde öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugurlarynyň üpjün edilmegine, ruhy taýdan baý, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesliň kemala gelmegine, çagalaryň zehinini ýüze çykarmak üçin zerur bolan şertleriň döredilmegine uly üns berýär. Milli Liderimiziň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleriň: guramaçylyk we hukuk binýadynyň, maddy-enjamlaýyn, intellektual üpjünçiligiň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Taryhy ösüşiň häzirki tapgyry ylmy-tehniki we durmuş ösüşiniň tizleşmegi, täze pikirleriň we tehnologiýalaryň giň gerimde ýaýramagy bilen häsiýetlenýär. Şonuň üçin bilimiň innowasion esasda berilmegi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň depginlerine oňyn täsirini ýetirýär.

Begenç BÄŞIMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.