HABARLAR

Sanly bilim — ösüşlere badalga

Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaşlaryň dünýä derejesinde ýokary hilli bilim almaklaryny doly derejede üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, olarda täze ugurlaryň girizilmegi, täze, ýokary hilli okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy we çap edilmegi, bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bu babatda ädilen beýik ädimler boldy.

Kitap — paýhas ummany

Kitap — bilimler hazynasy. Gyzykly wakalaryň hem-de başdan geçirmeleriň beýanyny edýän kitap — jadyly dünýä. Çaganyň kitap okap, bilimler dünýäsine aralaşmagy, gyzykly maglumatlardan habarly bolup, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin, ene-ata olara kiçiliginden ertekidir hekaýa okap bermeli, goşgulary ýat tutdurmaly. Perzendine kitap okamagy, onuň manysyna düşünmegi öwretmek üçin, ilki bilen, ene-atanyň özi kitap okamagy endik etmeli. Häzirki sanly tehnologiýalaryň ösen döwründe audio kitaplar hem bar. Kähalatda ene-atalar çagalaryna audio kitap alyp berip, olaryň kitaby okamagyny däl-de, diňe diňlemegini isleýärler. Ýöne çaga ýaşlykdan kitap okamagy öwretmek bilen, ene-ata perzendiniň sowatlylygyny hem artdyrýandygyny bilmelidir. Sebäbi hat-sowat öwrenen çaga bir kitaby okamak bilen çäklenmän, onda başga-da eserleri okamaga bolan mümkinçiligi bolýar. Eýýäm harplary tanaýan çaga hat ýazmagy-da özleşdirýär. Ata-babalarymyz «Köp okan — köp biler» diýip, kitap okamagyň gymmatyny beýan edipdir. Audio kitap bolsa diňe öz çygryndaky eseri «gürrüň bermek» bilen çäklenip, «ýadyna» girizilen eseriň gürrüňi gutaransoň, ony zol-zol diňlemegiň gyzygy hem barha peselýär.

Kämilligiň berk binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi ýaşlar bilen berk baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp barýan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin möhüm şertler döredilýär. Onuň şeýledigini ýaşlarymyzyň durmuşy, okuwy, işi we dynç alşy bilen bagly esasy wezipeleriň durmuşda öz beýanyny tapýandygy hem aýdyň görkezýär. Milli Liderimiz ýaşlaryň çuňňur bilim almagyna, olaryň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky syýasaty döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu maksatnama

Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, olary milli ýörelgelere laýyklykda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly esasy wezipeler kesgitlendi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, 2019 — 2025-nji ýyllarda umumy orta bilim berýän ulgamy ösdürmegi dowam etdirmek, umumybilim berýän mekdepleri tamamlaýan ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen, okuw maksatnamalarynyň mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler bar.

Pähim-paýhasa ýugrulan kitap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, halkymyzyň milli ýörelgesini, şöhratly taryhyny beýan edýär. Bu ajaýyp kitapda nakyllaryň, rowaýatlaryň beýan edilmegi okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur pikirli, pelsepewi garaýyşly bu kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejä ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýar. Hut şunuň özi hem bu ajaýyp kitabyň halkymyz üçin ýokary gymmatlykdygyny, ýakyn hemradygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyna ýugrulan bu kitapda ylym-bilime aýratyn orun berilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar” atly bölüminde ynsanyň mertebesini has-da ýokarlandyrýan ylym hakynda giňişleýin beýan edilýär. Şu ýerde ylym-bilimiň örän ýokary gymmatlykdygyny, ösüşleriň gözbaşydygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Sebäbi, ata-babalarymyz sowat öwrenmegi zerur hasaplapdyrlar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabyny okanymyzda ylymly bolmagyň hem asylly ýörelgedigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşlary terbi

Çeper eserleri okatmak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde öz goşantlaryny goşýarlar. Munuň üçin milli terbiýä esaslanyp, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini ýakyn gollanma edinýärler. Şeýle asylly, mukaddes wezipeden ugur alyp, öz gündelik işlerimizi şu ýokary talaplara laýyk guramaga çalyşýarys. Şunda türkmen dili we edebiýat mugallymlaryna-da jogapkärli borçlar degişli bolup durýar. Şolara abraý bilen amal etmekde alyp barýan işlerimiziň bir ülşi — bir esere dilden syn bermek sapagyna taýýarlanyşym, guraýşym we geçirişim barada söhbet etmek isleýärin.

Dil öwretmegiň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýar. Şunda ýaşlaryň kämilligi, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem, häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilim döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Esasan hem, bilim bermegiň sanly ulgamyna geçilmegi aýdyň netije berýär, şunda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Esasan hem, sanly bilim ulgamynda birnäçe dil öwretmegiň ugurlary işlenip düzüldi. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine oňat ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaşlara dünýä dillerini öwretmek, olary giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge we häzirki zaman hünär maglumatlary bilen tanyşmak üçin daşary ýurt dillerini bilmäge ukyply halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksat edinilýär.

Kompýuter sowatlylygy — esasy ugur

Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ýurdumyzda ylmy esasda giňişleýin alnyp barylýan işler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda netijeli häsiýete eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatynda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna doly şaýatlyk edýär. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli ösdürmek üçin eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, zehinli, ussat hünärmenleriň ýetişdirilmegi ýola goýulýar.

Mekdep kitaphanasynyň işini guramak

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda kitaphanalara aýratyn ornuň degişlidigi sebäpli, olaryň işiniň guralyşy hem dünýä ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýar. Jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlarynda elektron dolandyryş ulgamyna geçilýän häzirki döwürde kitaphana işini maglumatlaşdyrmak, olarda elektron kataloglary we kitaplary peýdalanmaga geçmek, maglumat alyş-çalyş işini ýola goýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Ylym bilen berkdir ýurduň binýady

Akyldarlaryň biri: «Siwilizasiýanyň iň derwaýys wezipesi adama pikirlenmegi öwretmekdir» diýipdir. Pikir bolsa, mälim bolşy ýaly, ylmyň önümidir. Biziň durmuşymyza tapgyr-tapgyr täzelikleri girizip gelýän ylym bu gün iň ýokary derejä ýetip, dünýäni bütinleý özgertdi. Indi ýaşaýşy biri-birinden kämil tehnikasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Ylym, şeýle-de, döwre öz talaplaryny girizýär. Şol talaplara abraý bilen hötde gelinmegi ösen jemgyýeti kemala getirýär.