Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüji, aýdyň syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň esasyny düzýän syýasat bolsa ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ähli ugurlara giňden ornaşdyrylmagy bilen mümkin bolýar.
Goşuny kämil ýagdaýa getirmegiň iň möhüm wezipeleriniň biri hem harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny kämilleşdirmek arkaly häzirki zaman innowasion enjamlary hem-de maglumat tehnologiýalaryny ulanyp, harby taýýarlygyň has amatly, şol sanda netijeli görnüşlerini we usullaryny gözläp tapmakdan ybaratdyr. Harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny ösdürmegiň iň netijeli ýollarynyň biri hem ony maglumatlaşdyrmak bolup durýar. TGM-niň ýokary we ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplerinde bilim berlişiniň, ylmy işleriň geçirilişiniň, dolandyryş işlerini guramagyň hilini we netijelerini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän sanly ulgamy kämilleşdirmek hem şeýle işleriň hatarynda bolup, ol işler yzygiderli alnyp barylýar.