Kitap — bilimler hazynasy. Gyzykly wakalaryň hem-de başdan geçirmeleriň beýanyny edýän kitap — jadyly dünýä. Çaganyň kitap okap, bilimler dünýäsine aralaşmagy, gyzykly maglumatlardan habarly bolup, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin, ene-ata olara kiçiliginden ertekidir hekaýa okap bermeli, goşgulary ýat tutdurmaly. Perzendine kitap okamagy, onuň manysyna düşünmegi öwretmek üçin, ilki bilen, ene-atanyň özi kitap okamagy endik etmeli.
Häzirki sanly tehnologiýalaryň ösen döwründe audio kitaplar hem bar. Kähalatda ene-atalar çagalaryna audio kitap alyp berip, olaryň kitaby okamagyny däl-de, diňe diňlemegini isleýärler. Ýöne çaga ýaşlykdan kitap okamagy öwretmek bilen, ene-ata perzendiniň sowatlylygyny hem artdyrýandygyny bilmelidir. Sebäbi hat-sowat öwrenen çaga bir kitaby okamak bilen çäklenmän, onda başga-da eserleri okamaga bolan mümkinçiligi bolýar. Eýýäm harplary tanaýan çaga hat ýazmagy-da özleşdirýär. Ata-babalarymyz «Köp okan — köp biler» diýip, kitap okamagyň gymmatyny beýan edipdir. Audio kitap bolsa diňe öz çygryndaky eseri «gürrüň bermek» bilen çäklenip, «ýadyna» girizilen eseriň gürrüňi gutaransoň, ony zol-zol diňlemegiň gyzygy hem barha peselýär.