HABARLAR

Bilimli nesliň aladasy

Çaga jemgyýetiň aýratyn hukukly bölegidir. Şoňa görä-de ýurdumyzda olaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda mekdebe taýýarlygyň hökmanydygy hukuk taýdan berkidilendir. Mekdebe taýýarlyk maşgalada, mekdebe çenli çagalar edaralarynda amala aşyrylýar. Çagalaryň beýnisiniň ösüş döwründe hem-de geçiş döwründe olara örän seresaply, ünsli we jogapkärçilikli seredilmelidir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri bilen orta mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary çaga terbiýesinde ýakyn gatnaşykda bolmalydyr. Orta mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň sapaklaryna ýygy-ýygydan gatnaşyp, geljekde özlerine okamaga geljek körpeler bilen, olaryň bilim derejesi, terbiýesi, häsiýeti bilen tanyşmalydyr. Terbiýeçiler bolsa başlangyç synplaryň sapaklaryna ýygy-ýygydan gatnaşyp, çagalar bagynda terbiýelenen çagalaryň bilim derejelerini ösdürişleri, özlerini alyp baryşlary bilen gyzyklanyp durmalydyr.

Sanly ulgamy ösdürmekde ýaşlaryň orny

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe geçirmek bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgam çalt depginlerde durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine işeňňir gatnaşýar. Ýurduň halk hojalygynyň dürli pudaklaryndan gelýän ýaş hünärmenler döwlet buýurmalary esasynda hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar we gaýtadan şertnamalaýyn esasda magistratura okuwlary boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Akademiýada diňleýjiler çylşyrymly ýiti bäsleşikli bazar ykdysady şertlerinde ykdysady, hukuk we ynsanperwer ugurlar boýunça bilim alýarlar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri sanlylaşdyrmak ulgamy boýunça olar bilimleri ele almak bilen, iş endikleriniň inçe syrlaryny halypa professor-mugallymlaryndan, ýurduň öňdebaryjy pudaklarynyň ýokary derejeli hünärmenleri utgaşdyryjy mugallymlaryndan öwrenýärler.

Çagalar bagy bilen maşgalanyň körpeleri terbiýelemekdäki ähmiýeti

Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine ýetirmekde, onuň kämil bolmagynda ata-enäniň orny uludyr. Olar çaga terbiýesinde milli oýunlary, sanawaçlary, matallary ulanyp durmalydyrlar. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr. Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem öňünde uly borç durýar. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşi, terbiýesi üçin jogapkärçilik çekýär, döwletimiz bolsa maşgalanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi, çaganyň ýaşamagy, goraglylygy we kadaly ösmegi üçin ähli şertleri döredip, olara uly ýardam berýär.

Edebiýat sapagynda milliligiň beýany

Bilim ulgamynyň döwrüň talabyna laýyklykda özgermegi, okuwçylara berilýän bilimiň kämilleşmegi, bilim edaralarynyň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesliň geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleriniň oňyn netijeleridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle-de dersleri terbiýe bilen utgaşykly alyp barmaga aýratyn üns berilýär. Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesliň ýokary aň-düşünjeli, sagdyn bedenli, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi, olaryň täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmegi üçin birnäçe mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, biz mugallymlar guraýan her bir sapagymyzda okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda, olary milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýokary ahlak sypatly, terbiýeli ýaşlar edip ýetişdirmäge ünsli çemeleşýäris. Okuwçylary derse höweslendirmek mugallymyň esasy wezipesidir. Şonuň üçin men hem sapagyň täsirliligini artdyrmakda dürli iş usullaryndan ýerlikli peýdalanýaryn.

Asylly käriň dowamaty

Kärdeşimiz, halypa Nabat mugallymyň zähmet ýoluna başlanyna ýarym asyr wagt geçipdir. Biz — mugallymlar ony bu sene bilen gutlap, ýagşy arzuwlary aýtdyk. Her kim öz ýadynda galan, özüne ýakyn bolan ýatlamalary bilen söze başlaýar. Men ýedi onlugy arka atan, henizem gujurly zenanyň keşbine syn edip, ol barada bilýän zatlarymy aňymda aýlap otyryn. Ol 22 ýaşyndaka şu mekdepde işe başlanda, 50 ýyl işlän Allaguly mugallyma geň galyjylyk bilen bakypdy. Bu günki gün bolsa özüniň bu kärde 50 ýyl işländigine haýran galýardy. Onuň mekdepde we obada ýörgünli ady Nabat mugallym, mugallymçylygynyň daşyndan eden, edýän işleri sanardan kän. Maldar, daýhan, keşdeçi, gaýmaçy, örümçi, ene, başarjaň hojalykçy. Onuň elinden köp hünär gelýär. Ol häzirem sygyr sagmagy, çörek bişirmegi kyn iş hasap edenok, mahlasy, on barmagynyň hersinden on hünär dökülýän diýilýänlerden. Belki, onuň şol ruhubelentligi, şadyýanlygy juwan görkezýändir. Oňa daşyndan syn eden, ýedi onlugy arka atandyr öýtmez. Ol gelinleriniň, gyzlarynyň maslahatçysy.

Watanymyzyň kuwwaty ýaşlar

Mähriban Prezidentimiz ylymly-bilimli, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, saýlan hünäriniň eýesi bolup, döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi bagtyýarlyk döwrümiziň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitleýär. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatly ynsanperwer döwlet syýasatynda mynasyp orun alan ýaşlaryň okamaklary, işlemekleri, sport bilen meşgullanmaklary, dynç almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm wakasy hökmünde kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler hem bu ajaýyp hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Döwrebap usullardan peýdalanýarys

Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär. Milli Liderimiziň: «Bilim, ylym we tehnika ulgamlarynda gazanylýan üstünliklere esaslanyp, milli bilim ulgamyny ösdürmelidiris. Bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmelidiris» diýen pähim-paýhasly sözlerinden ugur alýan mekdebimiziň mugallymlary talyplara bilim bermekde döwrebap usullardan peýdalanýarlar. Talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ündeýän wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýarlar. Olarda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyna esaslanyp, ýaşlaryň watansöýüji, ylymly-bilimli, sagdyn hem-de ruhubelent bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň, şeýle-de üzärlik tüssesiniň peýdasy düşündirilýär. Mekdebimiziň okuw sapaklary geçilýän otaglarynda ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başlangyç hünär oku

Altyn asyryň altyn zehinleri

Hormatly Prezidentimiziň mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinini açmak we ösdürmek babatda bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, ukyp-başarnyklaryny görkezen mekdep okuwçylaryny höweslendirmek we halkara bäsleşiklere taýýarlamak maksady bilen geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry welaýat merkezindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji, 7-nji orta mekdeplerde, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirildi. Oňa şäherdäki mekdepleriň 9-10-11-nji  synp okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, ähli dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen belläp, bu ugurda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Daşary ýurt dilleriniň okadylyşy kämilleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, okatmagyň dünýäde ykrar edilen öňdebaryjy usullaryna we milli tejribä esaslanýan bilim maksatnamalary kabul edilýär. Şolaryň hatarynda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça maksatnamalar hem bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen daşary ýurt dillerini öwrenmek we öwretmek üçin ähli zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Şondan ugur alnyp, mekdep okuwçylarynyň azyndan üç dili suwara bilmegini gazanmak esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şeýlelikde, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň sany artdyryldy we täze okuw maksatnamalary girizildi. Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepleriň birnäçesi ulanmaga berildi. Olarda okuwçylaryň daşary ýurt dillerini has çuňňur öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi, daşary ýurt dillerinde täze okuw kitaplary we gollanmalar çap edildi. Ýurdumyzda hereket edýän dil merkezleriniň sany artdyryldy.

Zehinli ýaşlar — şu günümiz hem geljegimiz

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap bilimli, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň ýetişmegi, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin uly aladalar edilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilmelidir. Olara çagalykdan başlap, Watana söýgi, gahrymançylykly geçmişimize, halkymyzyň şöhratly däp-dessurlaryna hormat goýmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryna we üstünliklerine buýsanmak ýaly häsiýetler mahsus bolmalydyr. Hut şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda biziň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda bilim alýan ýaşlarymyzyň arasynda bu babatda yzygiderli wagyz-nesihat, düşündiriş işleri alnyp barylýar.