Edebiýat sapagynda milliligiň beýany

2 Fewral 2021
1643

Bilim ulgamynyň döwrüň talabyna laýyklykda özgermegi, okuwçylara berilýän bilimiň kämilleşmegi, bilim edaralarynyň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesliň geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleriniň oňyn netijeleridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle-de dersleri terbiýe bilen utgaşykly alyp barmaga aýratyn üns berilýär. Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesliň ýokary aň-düşünjeli, sagdyn bedenli, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi, olaryň täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmegi üçin birnäçe mümkinçilikler döredilýär.

Şol mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, biz mugallymlar guraýan her bir sapagymyzda okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda, olary milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýokary ahlak sypatly, terbiýeli ýaşlar edip ýetişdirmäge ünsli çemeleşýäris. Okuwçylary derse höweslendirmek mugallymyň esasy wezipesidir. Şonuň üçin men hem sapagyň täsirliligini artdyrmakda dürli iş usullaryndan ýerlikli peýdalanýaryn.

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy.