Körpeler — röwşen geljegimiz

31 Ýanwar 2021
1702

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge, ony has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde çagalar baglarynyň gurulmagy, ozaldan hereket edýän bilim-terbiýeçilik edaralarynyň durkunyň täzelenip, häzirki zamanyň kämil okuw tehnologiýalary, enjamlarydyr görkezme esbaplary bilen üpjün edilmegi bu ugurda özüniň oňat netijesini berýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, döwrebap derejede bilim almagyna itergi berýär, şonuň bilen bir hatarda bilim işgärleriniň, terbiýeçileriň ýokary amatly şertlerde netijeli zähmet çekmegine ýardam edýär.

Bäherden etrabynda hem döwrebap çagalar baglarynyň birnäçesi guruldy, ozaldan bar bolanlar döwrebap görke getirildi. Bu gün şol çagalar baglary bagtdan paýly körpeleriň ygtyýarynda bolup, olar uly mähir, bimöçber söýgi bilen gurşalýar. Olaryň her bir gününiň manyly, şadyýan we netijeli geçmegi gazanylýar. Çagalar baglarynyň otaglarynda degişli ýaşdaky çaga toparlary üçin şertleriň üpjün edilmegi we talabalaýyk enjamlaşdyrylmagy, şol sanda dil öwrediş, kompýuter, aýdym-saz, sport gimnastikasy otaglarynyň bolmagy olaryň döwrebap terbiýelenmeginiň esasy şertleri bolup durýar. Geçilýän okuw sapaklarynda peýdalanylýan görkezme esbaplaryň döwrebaplygyna bolsa aýratyn ähmiýet berilýär.

Doýduk AKGAÝEWA,
Bäherden etrabyndaky 2-nji çagalar bagynyň müdiri.