Bilimli nesil — ýurdumyzyň daýanjy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw -hemaýatlary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda giň gerimli işler, taryhy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini häzirki wagtda, ähli ugurlar bilen birlikde, milli bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitler, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde gazanylan ýokary netijeler hem subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýen sözleri muny doly tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirmekde, jemgyýetimizde sazlaşykly ösüşleri gazanmakda bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda ulgamyň ygtybarly kanunçylyk binýady döredilip, ony ösdürmegiň esasy maksatlary hem-de ileri tutulýan ugurlary aýdyň kesgitlenilýär, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Bilim ulgamyny kämil ýörelgeler esasynda döwrebaplaşdyrmakda, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmakda bu ugurda kabul edilýän maksatnamalar, konsepsiýalar uly ähmiýete eýedir.