Ýaş maliýeçileriň zehin bäsleşigi

12 Noýabr 2024
261

Ýakynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa 6 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň 26-syndan 100-den gowrak talyp gatnaşdy.

Halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan ugur alyp, talyplaryň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň bilim başarnyklaryny has-da çuňlaşdyrmak, nazary bilimlerini berkitmek, şeýle-de özbaşdak işlemek endigini kämilleşdirmek maksady bilen guraldy. Olimpiada gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň 10-sy daşary ýurtlara degişli. Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilim portaly arkaly Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinden 31, Türkmen oba hojalyk institutyndan 4, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan hem 4 talyp olimpiada internetiň üsti bilen goşuldy. Meseleler türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanyldy. Düzgünnama laýyklykda, gatnaşyjylara 10 sany mesele hödürlenip, olary çözmek üçin 120 minut wagt berildi.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».