Çagalaryň göreldesi ― ulular

11 Noýabr 2024
310

Ýurdumyzda Hasyl toýunyň bellenilýän günlerinde welaýatymyzyň göreldeli oba hojalykçylarynyň dördüsine hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany bilen Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň gowşurylmagy ählimizi begendirdi. Bu Perman hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň işine goýulýan belent sarpadan ýene bir nyşandyr.

Uludan bellenilen Hasyl toýy mynasybetli çagalar bakja-bagymyzda geçirilen ertirlikde hem şol sarpadan we oba hojalykçylarymyzyň gazanýan zähmet üstünliklerinden gürrüň açyldy. Çagalara zähmet çekmegiň, ýerden bol hasyl alyp, il-günüň rysgyna rysk goşmagyň iňňän hormatly işdigi düşündirildi.

Irina BIRKINA,
Türkmenabat şäherindäki 41-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.