HABARLAR

Ylym — kämilligiň açary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Eziz Diýarymyzda ylma, sanly tehnologiýalary ösdürmäge yzygiderli üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy okuw sapagynda taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyzyň ylymdan üzňe ýaşamandyklaryny, häzirki döwrüň ýaşlarynyň pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýaşlaryň adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýändiklerini, dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlaryň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygyny, dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galman, täze tehnologiýalary döretmelidiklerini aýratyn belledi. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli döwrebaplaşdyrmak, Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, zehinli, ussat hünärmenleri ýetişdirmegiň zerurdygy nazara alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulga

Ylym-bilim — täzelenişiň, ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslary we miweleri, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň wezipe borçlary hakynda giňişleýin gürrüň etmegi ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde-de möhüm wezipeleri kesgitledi. Şular dogrusynda gürrüň etmek maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy SUWHANOWYŇ, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Hezretguly DURDYÝEWIŇ, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Janabaý ŞYHYÝEWIŇ, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Kömek KULYÝEWIŇ, Aşgabat şäherindäki 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri Hemra ARAMEDOWYŇ gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik taýýarladyk. — Hormatly Prezidentimiziň umumy okuw sapagynda öňe süren garaýyşlary täze eýýamyň paýhas esasyny düzýär. Olar dö

Halypa alymyň manyly ömri

Ýiti galamyna ezberlik bilen erk edýän ussat halypa Amanmyrat Kiçigulowyň ýakynda metbugatda çap edilen «Sagat näçe bolduka?» atly makalasyny uly gyzyklanma bilen okap, çuň pikirleriň girdabyna düşenimi duýman galdym.. Bütin ömrüni ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge bagyş eden halypa alymlaryň biri Walentin Georgiýewiç Ignatýew bilen institutda gündelik geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeleri, indiki ädilmeli ädimler barada maslahatlaşylýan iş pursatlarynda edilmeli işleriň köpdügini, wagtyň bolsa çäklidigini aňynda aýlaýan halypamyzyň «Sagat näçe boldy?» diýip soraýandygy biygtyýar serime dolýar.

Diplomatik gatnaşyklarda ilçileriň orny

Diplomatik gatnaşyklaryň emele geliş taryhy öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Dünýäde ilkinji döwletleriň emele gelmegi, olaryň resmi görnüşde özara ylalaşyklary we şertnamalary bilen diplomatik gatnaşyklaryň başlangyç görnüşleri hem döräpdir. Dürli şertnamalardan başga-da diplomatiýa müňýyllyklaryň dowamynda, köplenç ýagdaýda, umumy kabul edilen kadalar, halkara gatnaşyklarynda emele gelen däp-dessurlar arkaly amala aşyrylypdyr. Gadymy Gündogaryň diplomatiýasynyň taryhynda häzirki Hindistanyň çäklerinde mundan IV müň ýyl ozal dörän Manu kanunlary ilkinji mysallaryň biri bolup durýar. Olar Manu atly hindi hökümdaryň ady bilen baglanyşykly bolup, olarda diplomatiýa arkaly uruşlaryň öňüni almak we parahatçylygy berkitmek sungat derejesine ýetipdir. Manu kanunlarynda diplomatik gatnaşyklaryň netijeleri, ýagny, parahatçylygyň üpjün edilmeginiň ýa-da özara gatnaşyklaryň bozulmagynyň ilçileriň hyzmatyna baglydygy bellenilipdir. Ilçiler öz hökümdarlaryny keseki hökümdarlaryň meýilleri we maksatlary barada habardar edipdirler. Şeýdibem, ilçiler köp howplaryň öňüni almaga ukyply bolupdyrlar. Ilçileri saýlap almaklyga hem aýratyn üns berlipdir. Hemmetaraplaýyn bilimli, alçak, dilewar hem-de wezipe borçlaryna ygrarly adamlary hökümdarlar ilçi edip belläpdirle

Gahryman Arkadagymyzyň taglymaty — ylym-bilimiň beýik ösüşleri

  «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu günki bagtyýar günlerimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýarys. Şeýle şanly baýramlarymyz, şanly toýlarymyz belentden dabaralanýar. Ynha, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan häzirki döwrümizde Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilip geçildi. Altyn güýzüň ilkinji güni, has takygy 1-nji sentýabr güni hormatly Prezidentimiz bize täze bagtyýarlygy peşgeş etdi. Has takygy hormatly Prezidentimiz talyplar we okuwçylar bilen duşuşygynda umumy okuw sapagyny geçirdi, ylmy nukdaýnazaryny giňişleýin beýan etdi. Öňi bilen bellemeli zatlaryň bir hem, Gahryman Arkadagymyzyň mugallymçylyk ussatlygydyr. Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hem hormatly doktory, dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hormatly akademigi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň peder ýoly mugallymçylykdan gözbaş alýar. «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda beýan edilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew — esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym. Berdimuhamet Annaýew

Ylmy gözleglerde ilkinji ädimler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy ösdürmek ýurtda alnyp barylýan beýik işleriň esasy ugruna öwrüldi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri hünärmen taýýarlamak bilen bir hatarda, ylmyň nazary hem amaly meselelerini çözmäge öz goşantlaryny goşýar. Ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebinde we ylmy institutynda aspirantura bölümleri işleýär. Olarda halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli aspirantlar önümçilikden aýrylmak we aýrylmazlyk şerti bilen okadylýar. Ylmy derejäni almaga çalyşýan dalaşgärleriň ylmy-gözleg işleriniň üstünde ýokary okuw mekdebiniň tejribe-synag, innowasion tehnologiýalar we dünýä tejribeleri bilen üpjünçilikli otaglarynda erkin işlemeklerine zerur şertler döredilendir. Olar ylmy işleriniň temalaryny pudaklaryň sargytlary, Milli maksatnamalaryň talaplary boýunça saýlaýarlar. Temalaryň üstünde işlenilende daşary ýurt edebiýatlaryndan, milli tejribeden, önümçiligiň häsiýetli aýratynlyklarynyň talaplaryndan peýdalanýarlar.

Ylym — ösüşiň binýady

Az wagtdan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Bu taryh üçin onçakly uly möhlet däl. Şu gysga döwrüň içinde Garaşsyz döwletimizde asyrlara barabar ýol geçildi. Bu gün bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň at-owazasy dünýäniň çar künjüne ýaň salýar. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde günsaýyn gülläp ösýän ýurdumyz diňe ösüşlere beslenýär. Ähli ösüşler, özgerişler, öňegidişlikler bolsa ylym-bilimden gözbaş alýar. Türkmen — ylma çäksiz sarpa goýýan halk. Bu geçen taryhy döwürlerde-de şeýle bolupdyr, häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe-de şeýledir. Muňa ata-babalarymyzyň «Ylym okan ýol tanar», «Ylym — akylyň ýarysy», «Ylym akyldan dem alar», «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz», «Ylym pul bilen alynmaz», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýen ýaly gyzyldan gymmatly jümleleri-de şaýatlyk edýär.

Bişofiti toplumlaýyn peýdalanmagyň usullary

Hormatly Prezidentimiziň kärhanalarda harçlanylýan harajatlary peseldip, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, çykarylýan harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, ylmy barlaglaryň we innowasion tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly çözgütleri gönüden-göni ýurdumyzyň senagatynyň dürli pudaklaryny ösdürmeklige gönükdirilendir. Bu babatdaky ýerine ýetirilmeli ylmy-barlag işleri bolsa, ilkinji nobatda, himiýa ylmyna degişlidir. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabryndaky Karary bilen, «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň köp ugurlary senagat pudagyna degişli bolup, olar hereket edýän önümçilikleri kämilleşdirmek, täze önümçilik ýerlerini döretmek, öndürilýän önümleriň möçberini, görnüşini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, döwrebap tehnologiýalary işläp düzmek ýaly wajyp meseleler bilen baglydyr.

Bagtly zenan

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň ösüşiniň islendik ugry ylym, bilim bilen baglanyşyklydyr. Her bir ynsanyň gyzyklanmalary, meşgullanýan ugry oňa mynasyp durmuşy we öz ýaşaýan jemgyýetinde uly hormat-sylagy bagyş edýär. Belent sarpanyň eýesi bolan alymlar öz gymmatly pikirleri, ylmy işleri bilen döwletimiziň pajarlap ösmegine uly goşant goşýarlar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Häsiýet Asadowanyň bilim älemine ykbalyny bagyşlamagy tötänden däl. Onuň ejesi, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor Rysalat Asadowa öz belent adamkärçiligi, bilim ulgamyny ösdürmäge goşan goşandy, zähmetsöýerligi, halallygy bilen perzentlerine göreldedi. Şonuň üçinem Häsiýet Asadowa ejesiniň maslahat bermegi bilen onuň ylmy ýolbaşçylygynda 1990 — 1993-nji ýyllarda ady agzalan ýokary okuw mekdebinde aspiranturada okady. 1995-nji ýylda «Mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmegiň pedagogik meseleleri» diýen mowzukda ýazan kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorap, pedagogika ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp boldy.

Sahaba siňen sungat

Hormatly Prezidentimiz: «Keremli topragymyzda döredilen ylym öýleri — akademiýalar arap-ajam ýurtlarynda nusgalyk bolup hyzmat edipdir» diýip, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belläp geçýär. Bu kitapda hormatly Prezidentimiz dürli döwürlerde dörän beýik şahslaryň türkmenler baradaky dünýägaraýyşlaryna anyk we takyk beren ylmy maglumatlaryna türkmen topragyna esaslanyp, orta asyrlarda senetçiligiň, ylmyň we medeniýetiň ösen ýeri bolandygyny dolulygyna subut edýär. Ylmyň gönezligini özünde jemleýän golýazma kitaplaryny döreden uly mekdepleriň hem bolandygyny biz taryhdan bilýäris. Muňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan, ösüş döwrüniň ähli tapgyrlaryny geçen nusgawy ýazuw ýadygärliklerimiz hem şaýatlyk edýär. Ýazgylardyr şekiller bilen taýýarlanylan her bir golýazmanyň ähli bölekleri sungatyň taryhy ösüşini, medeniýetini özünde jemleýän maddy gymmatlyk bolup durýar. Kitap ussalarynyň, kagyz we syýa ýasaýjylaryň, hatdatlaryň, nagyş we miniatýuraçylaryň, sahapçylaryň siňdiren el zähmetleriniň güýji bilen ylymdar adamlaryň gymmatly pikirleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu iş bilen meşgullanýan adamlar kitaby owadanlamak we daşyny g