Ýiti galamyna ezberlik bilen erk edýän ussat halypa Amanmyrat Kiçigulowyň ýakynda metbugatda çap edilen «Sagat näçe bolduka?» atly makalasyny uly gyzyklanma bilen okap, çuň pikirleriň girdabyna düşenimi duýman galdym..
Bütin ömrüni ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge bagyş eden halypa alymlaryň biri Walentin Georgiýewiç Ignatýew bilen institutda gündelik geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeleri, indiki ädilmeli ädimler barada maslahatlaşylýan iş pursatlarynda edilmeli işleriň köpdügini, wagtyň bolsa çäklidigini aňynda aýlaýan halypamyzyň «Sagat näçe boldy?» diýip soraýandygy biygtyýar serime dolýar.