Kämil uLgamyň giň mümkinçilikleri

16 Awgust 2021
2225

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek üçin «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu Konsepsiýa laýyklykda ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, döwrebap tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmelere täzeden badalga berýär.

Ýurdumyzda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary tarapyndan işjeň ulanylýan bilim portallary hereket edýär. Mugallymlar bilim gorlarynyň üstüni ýetirýärler we onlaýn giňişliginiň çäklerinde okuwçylaryň işjeňligine gözegçilik edýärler. Talyplar üçin portala girip, okuw kitaplary we golýazmalary okamak, wizual materiallar bilen tanyşmak, okuw esbaplarynyň animasiýa üpjünçiligini, degişli okuw wideoýazgylaryny we filmlerini görmek, onlaýn synaglaryndan geçip, öz bilimlerini synap görmek, habarlaşma ulgamyny ulanmak, mugallymlaryň kömeklerinden peýdalanmak ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da ähli ýokary okuw mekdepleriniň portallary ýokary bilimiň ýeke-täk maglumat toruna birleşdirildi.

Nurýagdy BAÝLYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.