Talyplyk bagty

23 Awgust 2021
1902

Milli Liderimiz ähli watandaşlarymyz bilen bir hatarda ýaşlaryň hem ylymly-bilimli, hünärli bolmaklary üçin uly aladalary edýär. Şol aladalaryň çäginde her ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde ýaşlara öwredilýän hünärleriň we ugurlaryň sany artdyrylýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda köpsanly deň-duşlarym bilen bir hatarda maňa-da talyplyk bagty miýesser etdi. Fizika, algebra we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilen giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa fakultetine okuwa girdim. Nesip bolsa, men maşgalamyzdaky ilkinji geolog bolaryn.

Ylýas DÖWLETGELDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar