HABARLAR

Albukerke

Welosiped şäherlileriň hemrasy Şäherde welosiped ýollarynyň ösen ulgamy bar. 2019-njy ýylda berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, aýratyn welosiped zolaklaryň we ýörite zolaklaryň uzynlygy 400 milden geçýär. 2009-njy ýyldan bäri bu şäher welosiped sürýänler üçin amatlyklara baý şäher hökmünde tanalýar. Şäheriň «Silwer» şaýolunda ilkinji welosiped ýanýodasy açyldy. Şäherde häzirki wagtda hem welosiped sürýänler üçin kars programmalary düzmek we maýa goýumy dowam etdirmek meýilleşdirilýär.

Dag gerişleriniň täsinligi

Hytaýyň Hunan welaýatynyň demirgazyk-günbatar tarapyny Ulinýuan dag gerişleri tutýar. Birmahallar äpet dag bolanlygy mese-mälim bildirýän Ulinýuan millionlarça ýylyň dowamynda tebigatyň dargama, owranma hadysalaryna duçar bolupdyr. Gum daşlarynyň, hek daşlarynyň pytramagy netijesinde özboluşly görnüşe eýe bolan 3000 töweregi kert gaýalar, daşdan diňler 26 müň gektar ýere uzalyp gidýär. Dag sütünleriniň müňden gowragynyň beýikligi 200 metrden geçýär. «Iň uzyn boýly» kert asmana garşy 1890 metr uzasa, «Awatar» adyny göterýän meşhur gaýanyň beýikligi 1080 metre ýetýär. Dag ulgamynyň täsin gözelligine maýyl bolan Jeýms Kemeron meşhur «Awatar» kinofilminiň käbir pursatlaryny şu ýerlerde surata düşüripdir. Beýikligi 1518 metre ýetýän Týanmen dagyny ýerli ýaşaýjylar keramatly dag hasaplaýarlar. Olaryň ynanjyna görä, tebigy hadysalar, taryhy özgerişlikler bolmazdan öň bu gaýadan şaglawuk akanmyş. Şeýle hem Týanmen gaýasynda «Asman derwezesi» atly gowak bar. Ol gowaga barmak üçin jahankeşdeler dünýäde iň uzyn asma köprüsinden peýdalanýarlar. Asma köpriniň uzynlygy 7455 metrdir. Týanmeniň ýene bir meşhurlygy—iki gaýany birikdirýän «Ynam ýodasydyr». Oňa «Asman ýodasy» hem diýilýär. Aýnadan salnan bu köpri howpsuz bolsa-da, jahankeşdeler ondan ýürek

Awaza — sagdynlygyň mekany

Bagtyýarlyk döwründe gün-günden özgerýän Watanymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda Awaza häzirki wagtda diňe bir ildeşlerimiziň däl, dünýä jahankeşdeleriniň hem gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Gojaman Hazaryň müňläp menzillere uzap ýatan balykgulakly kenary ap-ak mozaika eserini ýada salyp, onuň üstünde birsellem gezelenç etmek ynsanda ýakymly duýgulary döredýär, saglygy berkidýär. Hut şeýle gözelligi bir pursat synlap, Awazanyň sergin howasyndan dem alyp, şypaly mekana dynç almaga gelmek her kesiň arzuwy. Ýurdumyzda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen şu ýylyň tomsunda bu jenneti mekan ýene-de öz myhmanlaryny kabul eder. Awazanyň suwy-da, howasy-da, palçygy-da, suw otlary-da dermandyr. Bu ýerde gurlan «Awaza» şypahanasy bolsa aeroterapiýany, gelioterapiýany, talassoterapiýany (deňiz howasyndan dem almak), deňiz suwuny, ýod-bromly bejeriş mineral suwuny, fiziobejeriş usullaryny, algoterapiýany (deňiz suw otlaryny) we beýleki birnäçe bejeriş usullaryny öz içine alyp, toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullaryny giňden ulanmaga mümkinçilik döretdi. Şypahanada Diýarymyzyň baý tebigy melhem, bejeriş serişdelerini ulanmak bilen, dürli keselleri bejermekden soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, ýagny adamlaryň bedenini berkitmäge, sagl

Akylly şäherler

Ylmyň, tehnikanyň ösmegi täze-täze tehnologiýalaryň zamanasynyň başyny başlady. Bu günki gün «Akylly öý», «Akylly şäher» diýlen ýaly düşünjeler kem-kem ynsan durmuşynda adaty zada öwrülýär. Dünýädäki akylly şäherleriň sanawy gitdigiçe artýar. Şol şäherleriň käbirleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik. Singapur. Bu şäherde durmuş zerurlyklarynyň ählisi diýen ýaly datçikler arkaly gözegçilikde saklanylýar. Şäheriň köçelerinde sürüjisiz awtoulaglaryň gatnaw edip ýörmegi hiç kimi geň galdyranok. Ulaglaryň sanynyň kändigine garamazdan, köçelerde dyknyşyk emele gelmeýär. Ýörite datçikler şäheriň haýsy ýerinde howada hapa maddalaryň köpelýänini hasaba alyp, awtomatik usulda ulag akymlarynyň ugruny üýtgedip durýar. Bu ulgam Singapuryň awtosürüjilerine wagt tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Singapurda gartaşan adamlara hyzmat etmek gullugy hem ösen. Ýörite ulgam arkaly öýde ýeke galan gartaşan adamyň hereketleri gözegçilikde saklanylýar. Eger gözegçilikdäki adam uzak wagtlap hereket etmese, ulgam bu barada onuň hossarlaryna we lukmanlara habar berýär.

Gezsem, dünýäni görsem

Köýtendagyň täsinlikleri Köýtendagyň özboluşly tebigy aýratynlyklary islendik jahankeşdäniň ünsüni özüne çekýär. Köýtendag ajaýyp tebigy künjekleri, täsin gowaklary, dag howasy bilen hemmelere lezzet paýlaýar. Häzirki wagtda onuň gowaklaryny we taryhyny öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Köýtendagda ýerleşýän Gap-gotan gowagy özboluşly gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde Ýer ýüzünde seýrek duş gelýän magdanlaryň, minerallaryň uly toplumlary bar. Gowakda diňe bir minerallar bolman, ol ýeriň klimaty hem üýtgeşikdir. Gap-gotanyň dürli pasyllarda hem adam saglygyna örän peýdaly howasy bardyr. Bu ýeriň howasyndan dem almaklyk birnäçe keselleriň öňüni alýar we bejergi geçirmek üçin hem diýseň peýdalydyr.

Muzeý gymmatlyklary gyzyklanma döredýär

Ýakynda Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň muzeýine syýahat guraldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda bolan syýahata orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen atlarynyň — meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlarboýy äleme dolup gelýär. Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr» diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp, ýaşlarda milli buýsanjymyza öwrülen, gözelligi bilen haýran edýän behişdi bedewlerimiziň we ahalteke atşynaslygynyň taryhyna hem-de şu gününe, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerine bolan söýgini ösdürmek, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen guralan syýahat uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň barşynda muzeýiň hünärmeni Mahym Bajamowa häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň täzeden dikeldilýändigi, türkmeniň atşynaslyk sungatynyň rowaçlyga beslenýändigi, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerine bimöçber sarpa goýulýandygy, olaryň şöhratly ýolunyň gaýtadan dabaralanýandygy dogrusynda gyzykly gürrüň berdi.

Dünýäniň täsin desgalary

Ajaýyp bina Merjen şäherimiz Aşgabatda täze gurlan täsin binalar barmak basyp sanardan juda kän. Aşgabadyň çäginde gurulýan desgalaryň ençemesi özüniň binagärlik aýratynlygy, täsinligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýan ajaýyp desgalaryň biri-de «Ýyldyz» binasydyr. «Ýyldyz» binasy merjen şäherimiziň Bagtyýarlyk we Oguz han köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Özboluşly ajaýyp binanyň beýikligi 36 metre barabardyr. Bäş sütüniň her biri türkmen sekizburçlugynyň nyşanlary bilen bezelen. Bina bäş sany ýarym Aý şekilindäki sütünlerden ybaratdyr. Ol sütünleri bilen özboluşly sazlaşyp, Arşa uçup barýan emeli hemranyň keşbini ýatladýar. Ajaýyp sungat eserine öwrülen bu täsin bina häzirki wagtda köpleri haýran galdyrýar.

Lotos görnüşindäki binalar

Häzirki zaman binagärlik sungaty özüniň özboluşly täzeçilligi hem-de görnüşi bilen haýran galdyrýar. Güller öz ajaýyp keşbi bilen hemişe-de döredijilik adamlarynyň ünsüni çekipdir. Lotos gülüniň keşbini alan ajaýyp bir bina Wýetnamyň Nýaçang şäherinde ýerleşýär. Lotos Wýetnamyň nyşanydyr. “Lotos diňi” diýlip atlandyrylýan bu desga 2008-nji ýylda binagär Le Tan Tunganyň taslamasy esasynda bina edilýär. Lotos suwda bitensoň, bu binanyň-da aşaky gatlaryny tolkunlar ýuwup dur.

Gezsem, dünýäni görsem

Dal bedewlere sarpa Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň birnäçe ajaýyp binalarydyr desgalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sanawynda mynasyp orun aldy. Bu bolsa ak şäherimiziň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Paýtagtymyzyň döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde 2017-nji ýylda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu taryhy waka dal bedewlerimiziň sarpasynyň belentdiginden aýdyň nyşan boldy. Olimpiýa stadiony Aşgabadyň nurly gijelerinde ajaýyp keşbe eýe bolýar. Özboluşly ajaýyp desga ýurdumyzda iň uly stadiondyr.

Dünýäniň meşhur ýollary

Täsin köçe N.Andalyp ýoly paýtagtymyz Aşgabadyň iň giň, uzyn hem-de döwrebap köçeleriniň biridir. Şäheriň iň gatnawly köçeleriniň biri hasaplanýan bu ýolda hiç hili ýolyşygy ornaşdyrylmadyk. Emma muňa garamazdan, N.Andalyp köçesiniň ugrunda awtoulaglaryň päsgelçiliksiz hereket etmegi üçin birnäçe aýlawlar, sowma ýollar, pyýada geçelgeler bar. Köçäniň ugrunda ýokary okuw mekdepleri, bazar, işewürlik merkezleri, kafedir restoranlar, söwda merkezleri we döwrebap ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär, köçede awtomobil dykynlary döremeýär. Mundan başga-da, ýoluň ugrunda pyýadalar üçin ýörite ýerasty we ýerüsti geçelgeler bar. Köçäni ýylyň ähli paslynda al-elwan güller bezeýär.