«Türkmen alabaýy» binasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil ýolunyň merkezini bolsa täsin «Türkmen alabaýy» binasy bezeýär. Türkmen alabaýynyň heýkeli 16 sany beýik bina bilen sazlaşyp, Magtymguly şaýoluna özboluşly görk berýär. Aýlaw ýolunyň diametri 36 metr bolup, binanyň umumy beýikligi 15 metrdir. Türkmen alabaýynyň heýkeliniň beýikligi bolsa 6 metre barabardyr.