Gözel «Gül zemin»
«Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işleri «Altyn» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp baryldy. Ajaýyp desga 3,8 gektar meýdanda ýerleşýär. Onuň üç gatly binasynyň umumy meýdany 43 müň 560 inedördül metre barabardyr. «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezinde köpsanly söwda nokatlary, 800 we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana ýerleşýär. Alyjylara ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän marketleri we söwda dükanlary döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan. Binanyň üçünji gatynda her biri 90 orunlyk kinozallaryň ikisi, şeýle hem birwagtyň özünde çagalaryň 300-sini kabul edýän dürli attraksionlar ýerleşýär. «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi döwrebap liftleriň 10-sy, eskalatorlaryň 6-sy we beýlekiler bilen üpjün edilendir.