Dünýäniň täsin desgalary

5 Aprel 2021
2700

Ajaýyp bina

Merjen şäherimiz Aşgabatda täze gurlan täsin binalar barmak basyp sanardan juda kän. Aşgabadyň çäginde gurulýan desgalaryň ençemesi özüniň binagärlik aýratynlygy, täsinligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýan ajaýyp desgalaryň biri-de «Ýyldyz» binasydyr. «Ýyldyz» binasy merjen şäherimiziň Bagtyýarlyk we Oguz han köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Özboluşly ajaýyp binanyň beýikligi 36 metre barabardyr. Bäş sütüniň her biri türkmen sekizburçlugynyň nyşanlary bilen bezelen. Bina bäş sany ýarym Aý şekilindäki sütünlerden ybaratdyr. Ol sütünleri bilen özboluşly sazlaşyp, Arşa uçup barýan emeli hemranyň keşbini ýatladýar. Ajaýyp sungat eserine öwrülen bu täsin bina häzirki wagtda köpleri haýran galdyrýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Melike SÄHETGULYÝEWA.