HABARLAR

Sagdyn nesiller

Şu günler Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň arasynda dürli sport ýaryşlary geçirilýär. Ol ýerde «Biz sagdyn nesiller» ady bilen hereketli oýunlar boýunça guralan ýaryş hem şeýle sport çäreleriniň biri boldy.

Belentden ýaňlanýar gülki sesleri

«The Jamjar» sagaldyş we dynç alyş merkezi Dubaý şäherinde ýerleşýär. Bu ýere dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda tomus paslynda BAE-den körpeler dynç almaga, ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gelýärler. «The Jamjar» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar iki topara bölünýärler. 4 — 10 ýaşly çagalar we 11 — 18 ýaşyndaky ýetginjekler aýratynlykda dynç alýarlar. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen «The Jamjar» sagaldyş we dynç alyş merkezinde türgenleşik geçmäge niýetlenen sport zallary, owadan bezegler bilen bezelen oýun otaglary we meýdançalar, medeniýet merkezi, kompýuter otaglary, giň naharhana, kinoteatr çagalaryň hyzmatynda. Şeýle-de, merkezde amfiteatr, ýüzülýän howuz, lukmançylyk merkezi bar. Dynç alyş merkezinde çagalar özleriniň saglygyny berkidip, wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Mundan başga-da, çagalar mugallymlaryň ýolbaşçylygynda gurnaklara gatnaşýarlar, kompýuter programmalaryny öwrenýärler hem-de daşary ýurt dillerini özleşdirýärler. Bu merkezde bilim işgärleri çagalaryň tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde zähmet çekýärler.

Gezsem, dünýäni görsem

Tehnologiýalar merkezi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda açylyp ulanylmaga berildi. Tehnologiýalar merkezini ylmy-barlag barlaghanalary, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, taslama-konstruktorçylyk, patent-maglumat bölümleri we beýlekiler düzýär. Merkeziň barlaghanalarynda bio, nano, maglumat tehnologiýalar ulgamynda özara baglanyşykly barlaglar toplumy, maddalary fiziki-himiki taýdan düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig mallary molekulýar, atom derejede derňemek bilen bagly ylmy-barlag işler amala aşyrylýar. Barlaghana enjamlary dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Olaryň programma üpjünçiligi dürli himiki birleşmeleri, erginleri, gazlary, suwuklyklary, gaty maddalary, himiki elementleri, olaryň fiziki-himiki häsiýetlerini, düzümini awtomatik usulda anyklamaga mümkinçilik berýär.

Dynç aljak raýatlar üçin gatnawlar amala aşyrylýar

Tomusky dynç alyş möwsümi gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler. Tomusky dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibine laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan goşmaça gatnawlar ýola goýuldy.

Awaza size garaşýar!

Tomusky dynç alyş möwsümi bosagada. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler. Awazada dynç almagyň tertibi barada aşakdakylary ýatladýarys:

Dynç alyş möwsüminde ýerine ýetiriljek lukmançylyk hyzmatlary

Tomusky dynç alyş möwsümi barha golaýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler. Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç alşa gelýän raýatlaryň Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde, demir ýol we awtoulag menzillerinde beden gyzgyny ölçeniler.

Dynç alşa gitmek üçin ýollamanamany almagyň tertibi

Tomusky dynç alyş möwsümi barha golaýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler. Ministrlikler we pudak edaralary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän, özlerine degişli bolan myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildirýän raýatlara ýollamanama bererler. Şeýle-de olar ýollamanamasy resmileşdirilen raýatlaryň elektron sanawyny Dolandyryş merkezine we Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna gündelik ibermegi üpjün ederler.

Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň innowasiýalara esaslanyp ösüşi

Dünýä ykdysadyýetiniň innowasiýalara esaslanyp ösýän häzirki zaman şertlerinde her bir döwletiň kämil ösüşli ykdysadyýetinde syýahatçylyk pudagyna aýratyn orun degişlidir. Hususan-da, ýurduň ykdysady ýagdaýynyň sagdynlaşmagyna öz oňyn täsirini ýetirmek bilen, ol durmuş-ykdysady ösüşiniň özboluşly hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda syýahatçylygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman milli syýahatçylyk düzümini döretmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlemek babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Syýahatçylygyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi, erkin ykdysady zolak bolan Awazada, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ajaýyp myhmanhanalar toplumlarynyň, ähli amatlyklary bolan dynç alyş, sagaldyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär» diýip belleýär.

Awazada dynç almagyň düzgünlerini berjaý ediň!

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildiren raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ýollamanamalary almalydyrlar. Awazada dynç almagyň tertibine laýyklykda ýollamanama alandan soň, raýatlar welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite ýerlerde COVID-19-a garşy sanjym etdirmeli. Uly ýaşly raýatlara degişli sanjym alandygyny, soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçendigini, 18 ýaşdan kiçi raýatlara soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigini we test tabşyrandygyny tassyklaýan resminama berler.

Awazada dynç almagyň düzgünlerini berjaý ediň!

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalarda we kottejlerde dynç almaga isleg bildiren raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişli ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ýollamanamalary almalydyrlar. Awazada dynç almagyň tertibine laýyklykda, ýollamanama alandan soň, raýatlar welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenen ýörite ýerlerde COVID-19-a garşy sanjym etdirmeli. Uly ýaşly raýatlara degişli sanjym alandygyny, soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçendigini, 18 ýaşdan kiçi raýatlara soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigini we test tabşyrandygyny tassyklaýan resminama berler.