Hazaryň kenary — dynç alşyň mekany

17 Maý 2021
2989

Sapaly tomus pasly golaýlap gelýär. Ol türkmenistanlylaryň uludan-kiçä ählisiniň köpçülikleýin dynç alýan, saglyklaryny berkidýän, wagtlaryny şadyýan geçirýän döwrüdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň şypahanalarynda, sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde golaýlap gelýän möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär, abatlaýyş-bejeriş işleri geçirilýär. Gojaman Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän «Lebap» sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem taýýarlyk işleri talaba laýyk ýola goýuldy. Bular dogrusynda merkeziň ýolbaşçysy Serdar Rejebow habarçymyza şeýle gürrüň berdi:

— «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyny ýörelge edinen Gahryman Arkadagymyz raýatlarymyzyň okuwdan, işden boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, medeniýetli dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin taýsyz tagallalary edýär. Şu maksatlardan ugur alnyp, diňe soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda döwrebap şypahanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň birnäçesiniň gurulmagy muňa aýdyň mysaldyr. Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän, dokuz gektar töweregi meýdany eýeleýän biziň merkezimiz hem indi birnäçe ýyldan bäri ilata medeniýetli hyzmat edýär. Bu ýerde ýatylýan we dynç alynýan otaglaryň birnäçesi, aşhana, açyk meýdandaky suwa düşülýän howuzlaryň üçüsi, ýapyk binadaky howuzlaryň bolsa ikisi hereket etmek bilen dynç almaga gelýänler üçin ähli oňaýly şertler bar. Işine ezber, ak ýürekli işgärlerimiz gelenleri güler ýüz bilen garşylap, olar üçin ähli oňaýlylyklary döredýärler. Mahlasy, merkezimizde dynç alýanlar bu ýerde ýakymly täsirlere gaplanýarlar.

Söhbetdeş bolan Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.