Awaza — jenneti mekan

16 Maý 2021
3063

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrunda amala aşyrylýan işler diýseň begençlidir. Gojaman Hazaryň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrundaky aladanyň nyşanydyr. Berkarar Watanymyzyň bu gözel künjeginde gysga döwrüň içinde gurlan desgalar — kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, kottejler toplumlary, seýilgähler, suw çüwdürimleri we beýleki köp sanly desgalar diňe ildeşlerimizde däl, bütin dünýäde hem uly gyzyklanma döredýär.

Gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenary, hakykatdan-da, jenneti mekany ýada salýar. Bu ýerde döredilen gözellikler deňiz kenarynyň ajaýyplygy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bir-birinden kaşaň desgalaryň milli binagärligiň özboluşly äheňleri häzirki zaman dünýä binagärliginiň gazananlary bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Bu bolsa, Hazaryň türkmen kenarynda döredilen syýahatçylyk zolagyna nuranalyk goşýar. «Ak ýelken», «Tolkun» kottejler toplumlarynyň, «Älemgoşar», «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar» ýaly attraksionlar seýilgähleriniň, «Awaza» söwda merkeziniň, «Awaza» sport toplumynyň, «Ýelken» we «Tolkun» ýaht-klublarynyň özi hem tarypa mynasypdyr. Awazada gurulýan düzümleýin desgalaryň, sport we medeni-dynç alyş merkezleriniň geriminiň barha giňemegi has-da begendirýär.

Döwletgeldi JUMADURDYÝEW,
Sarahs etrap Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.